Peterburgda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy weloýöriş bilen bellenildi

  • 19.08.2021 16:05
  • 15k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgda weloýöriş geçirildi. Üç kilometrlik ýöriş Kalinin etrabynyň Murinsk seýilgähinde geçirildi diýip, topspb.tv habar berýär.

Weloýörişe peterburgly türgenler, türkmenistanly talyplar, «Mekan» türkmen şäher medeni jemgyýeti, şeýle hem Peterburgyň daşky aragatnaşyklar boýunça komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Komitetiň başlygy Ýewgeniý Grigorýewiň aýtmagyna görä, şanly senäni bellemek üçin weloýörişiň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däl, çünki sportuň hut şu görnüşi türkmen halky üçin aýratyn ähmiýete eýedir.


şu gün 23:23
111

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
2.4k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
3.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....