Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik wekilhanalary işini dowam edýär

  • 18.08.2021 16:22
  • 17k+

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we Hyratdaky hem-de Mazari-Şarifdäki Konsullyklary öz işini adaty tertipde dowam edýärler. Bu barada Owganystanyň içindäki häzirki syýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň neşir eden resmi beýanynda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Ilçihananyň we konsullyklaryň daşky çägi «Taliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar.

Türkmen diplomatlary öz wezipe borçlaryny Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky edaralarynyň adaty iş tertibine laýyklykda doly derejede ýerine ýetirýärler.

Diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralaryň işgärleri çäklendirilmedi ýa-da bölekleýin ýurtdan alnyp gaýdylmady diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


şu gün 11:38
212

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 13:59
1.4k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär...