21-nji awgustda howply hasaplanýan asteroid Ýere golaýlaşar

  • 18.08.2021 12:00
  • 44k+

Moskwa planetariýsiniň wekilleri 2016 AJ193 asteroidiniň şu ýylyň 21-nji awgustynda Ýere ýakynlaşjakdygyny aýtdylar. Bu asteroid Ýer togalagy üçin howply bolmagy ähtimal asman jisimlerinden biri hasaplanýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Hut şol gün asteroid Ýere mümkin boldugyça has ýakyndan, ýagny 3,4 million kilometr uzaklykdan uçar diýip, RIA Nowosti hünärmenleriň sözlerine salgylanýar. Ýeri gelende belläp geçsek, planetamyza 7,5 million kilometr aralyga çenli ýakynlaşýan asteroidler eýýäm howply jisimler hasaplanylýar.

2016 AJ193 asteroidi barada aýdylanda bolsa, onuň diametri, takmynan, 1,4 kilometre barabardyr. Emma, ​​planetariýniň wekilleriniň pikiriçe, bu asman jisimi biziň planetamyza hiç hili howp salmaýar. Olar muňa garanyňda "göze görünmeýän" we diňe Ýere gaçandan soň bilip galynýan kosmos jisimlerini has howply hasaplaýarlar.


13.09.2025 13:03
4.8k+

Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar

13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi...

02.09.2025 16:30
5.5k+

Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder

Ýerde 2-nji sentýabra geçilen gije magnit tupanlary başlady. Olar azyndan bir gün dowam eder diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berýär...

25.08.2025 13:42
11k+

Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler

23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi...

16.08.2025 00:36
8.2k+

17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer

17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 14:30-da diametri 50 metr töweregi bolan 2025 PM asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, planeta çenli iň az aralyk, takmynan, bir Aý orbitasynyň diametrine barabar bolar – bu bir million kilometrden az...