Täze Zelandiýa COVID-19-a garşy ilat sanjymy tamamlanandan soň serhetlerini açar

Täze Zelandiýa COVID-19-a garşy ilat sanjymy tamamlanandan soň serhetlerini açar

Hökümetiň hünärmenler topary Täze Zelandiýanyň häkimiýetlerine kesel howpy ýokary bolan ýurtlardan gelýänler üçin hökmany karantin talabyny saklap galmak bilen, ilat koronawirusa garşy sanjymy tamamlanandan soň, serhetleri tapgyrlaýyn açmagy maslahat berdi. Bu barada COVID-19 boýunça jogap çäreleri ministrliginiň beýannamasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagy biziň dünýä bilen birleşmek baradaky garaýşymyzy üýtgetdi. Biz serhetde gözegçiligi saklamak we saglygy goraýyş ulgamyny goramak üçin has köp zat etmeli, ilkinji nobatda bolsa sanjym programmasyny tamamlamaly, şondan soň biz serhetleri howpsuz açyp bileris. Koronawirusa garşy ýokary immunizasiýa derejesi adamlary goramak  hem-de Täze Zelandiýanyň serhetlerini howpsuz açmak üçin möhüm ähmiýete eýedir” – diýip, COVID-19 boýunça jogap çäreleri ministriniň orunbasary Aýşa Werrall belleýär.

Şeýle-de, hünärmenler ýokary sanjym derejeli we COVID-19 bilen kesellemek howpy pes bolan ýurtlar bilen karantinsiz geçelgeleri döretmek arkaly çäklendirmeleri tapgyrlaýyn aýyrmagy maslahat berdiler. Ýöne şeýle ýurtlardan gelýänler üçin sanjymy tassyklamak hem-de ugramazdan öň we Täze Zelandiýa geleniňden soň koronawirus üçin synagdan geçmek ýaly birnäçe çäklendirmeler hereket eder, şol bir wagtyň özünde olar hökmany karantinden boşadylar.

Täze Zelandiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, 11-nji awgusta çenli ýurtda koronawirus bilen kesellän 2902 adam hasaba alyndy. 2839 keselli sagaldy, 26 adam ýogaldy. 

20-nji fewraldan bäri Täze Zelandiýanyň hökümeti COVID-19-a garşy köpçülikleýin immunizasiýa maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Pfizer – BioNTech-iň sanjymynyň birinji dozasyny 1,44 mln adam aldy (ýurduň ilatynyň 30%-i), 848,5 müň adam bolsa doly sanjym aldy (17%).