V Hazar sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy

  • 12.08.2021 20:33
  • 10k+

12-nji awgustda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri, Hazarýaka ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň wekili, Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn sekretariatynyň sebitleýin utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň utgaşdyryjysy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça   jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini nazara almak bilen ýer serişdelerinden integrirlenen peýdalanmak» maksatnamasynyň ýolbaşçysy hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory maslahata wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň bäştaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da iki we üçtaraplaýyn görnüşdäki özara hereketleriniň hem has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanda geçiriljek altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle-de onuň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bukjasynyň işlenilip düzülmegi hem-de ylalaşylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.


düýn 16:01
9k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

düýn 13:24
13k+

1-nji maýdan alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jogapkärçilik güýçlendiriler

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda goşmaça salgyt bellenen harytlaryň söwdasy ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

düýn 12:04
1.1k+

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

17.04.2026 19:50
24k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......