TikTok sosial ulgamlaryň arasynda iň köp ýüklenýän programma boldy

TikTok sosial ulgamlaryň arasynda iň köp ýüklenýän programma boldy

TikTok sosial ulgamy geçen ýylyň jemi boýunça Facebook-dan öňe geçip, sosial ulgamlaryň arasynda iň köp ýüklenýän programma boldy. Bu barada “Nikkei” gazeti hususy derňewine salgylanyp habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Neşir tutuş dünýäde sosial ulgamlaryň ýüklenilişine 2018-nji ýylda syn berip başlady, şondan bäri TikTok Facebook-y reýtingiň öňdebaryjy orunlaryndan ilkinji gezek yza süýşürdi. Netijeler App Annie amerikan analitik agentliginden alnan maglumatlaryň esasynda çykaryldy.

“ABŞ-da we Beýik Britaniýada TikTok-da tomaşa etmeleriň umumy wagty YouTube-dan köpdür, gysga wideolar mundan beýläk hem ünsi özüne çeker” – diýip, gazet App Annie kompaniýasynyň marketing menejeri Çuzen Kiniň sözlerini getirýär.

Ol aýdym-saz we degişme ýaly kategoriýalaryň uly meşhurlyga eýe bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýle-de, sesli sosial ulgamlar ulanyjyda gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, Ýaponiýada we ABŞ-da Clubhouse-e bolan isleg şu ýylyň başynda güýçlenip başlady.

TikTok 2012-nji ýylda esaslandyrylan ByteDance hytaý kompaniýasyna degişlidir.