Tokio — 2020-niň iň soňky altyn medalyny Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy gazandy

Tokio — 2020-niň iň soňky altyn medalyny Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy gazandy

Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlaryndaky final oýnunda Gresiýanyň toparyny 13:10 hasabynda utdy. Erkekleriň arasynda geçirilen suw polosy boýunça ýaryşyň finaly Tokiodaky Olimpiadanyň sport ýaryşlarynyň maksatnamasyny jemledi.

Ýekşenbe güni üçünji orun üçin oýunda ispaniýalylary utan (5:9) wengriýaly türgenler bürünç medala mynasyp boldular. 

Erkekleriň arasynda suw polosy boýunça geçirilýän ýaryş 1900-nji ýyldan bäri Olimpiadanyň maksatnamasyna girýär. Serbiýaly türgenler yzygider ikinji gezek Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar. Şeýle-de, olaryň hasabynda Oýunlaryň (2008, 2012) iki bürünç medaly, dünýä çempionatynyň (2009, 2015) iki altyn medaly bar, olar bäş gezek Ýewropa çempionatynda hem ýeňiji boldular.

Serbiýanyň milli ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda üçünji altyn medaly gazanyp, medal sanawynda 28-nji orny eýeledi. Serbiýaly türgenleriň hasabynda bir kümüş we bäş bürünç medal hem bar.