Tokio — 2020-niň iň soňky altyn medalyny Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy gazandy

  • 09.08.2021 01:03
  • 2394
Tokio — 2020-niň iň soňky altyn medalyny Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy gazandy

Serbiýanyň suw polosy boýunça milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlaryndaky final oýnunda Gresiýanyň toparyny 13:10 hasabynda utdy. Erkekleriň arasynda geçirilen suw polosy boýunça ýaryşyň finaly Tokiodaky Olimpiadanyň sport ýaryşlarynyň maksatnamasyny jemledi.

Ýekşenbe güni üçünji orun üçin oýunda ispaniýalylary utan (5:9) wengriýaly türgenler bürünç medala mynasyp boldular. 

Erkekleriň arasynda suw polosy boýunça geçirilýän ýaryş 1900-nji ýyldan bäri Olimpiadanyň maksatnamasyna girýär. Serbiýaly türgenler yzygider ikinji gezek Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar. Şeýle-de, olaryň hasabynda Oýunlaryň (2008, 2012) iki bürünç medaly, dünýä çempionatynyň (2009, 2015) iki altyn medaly bar, olar bäş gezek Ýewropa çempionatynda hem ýeňiji boldular.

Serbiýanyň milli ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda üçünji altyn medaly gazanyp, medal sanawynda 28-nji orny eýeledi. Serbiýaly türgenleriň hasabynda bir kümüş we bäş bürünç medal hem bar. 


03.12.2022 09:05
13974

Kamerun Braziliýadan üstün çyksa-da, dünýä çempionatyndan gaýtmaly boldy

Katarda dünýä çempinatynyň üçünji tapgyrynda Braziliýanyň ýygyndysy 0:1 hasap bilen Kamerundan ýeňildi. Lusailda geçen duşuşykda ýeke-täk goly Wensan Abubakar (90+2) geçirdi. Geçiren goluny baýram edip, Abubakar...

25.11.2022 08:46
6496

Braziliýa futbol boýunça dünýä çempionatynda Serbiýadan üstün çykdy

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Katardaky Dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Serbiýadan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýanyň...

13.04.2022 14:05
3533

Dünýäniň birinji raketkasy Jokowiç fewraldan bäri birinji ýaryşynda utuldy

Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç Monto-Karloda geçen «Masters» seriýasynyň turniriniň ikinji aýlawynda utuldy. Turniriň göni ikinji aýlawyndan başlan serbiýaly türgen ispaniýaly Alehandro Dawidowiç...

26.10.2021 18:18
3526

Belgradda boks boýunça Dünýä çempionaty badalga aldy

Serbiýanyň paýtagty Belgradda boks boýunça Dünýä çempionaty başlandy. Bu barada sportrg.ru habar berdi. Dünýä çempionaty Halkara boks birleşigi tarapyndan tassyklanan hem-de 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje...