Bah: HOK Tokiodaky Olimpiadany guramak üçin karz aldy

Bah: HOK Tokiodaky Olimpiadany guramak üçin karz aldy

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryny guramak üçin birnäçe bankdan karz aldy diýip, HOK-nyň ýolbaşçysy Tomas Bah metbugat konferensiýasynda aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

Mundan öň, “Wall Street Journal” Olimpiada üçin çykdajynyň 25 mlrd dollardan gowrak boljakdygyny, munuň bolsa ony taryhda iň gymmat tomusky Olimpiýa oýunlarynyň birine öwürjekdigini habar beripdi. 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiada üçin 14 mlrd dollardan az pul sarp edilipdi. Oýunlaryň bir ýyl yza süýşürilmeginiň özi 2,8 mlrd dollar diýlip bahalandyryldy.

“HOK üçin Oýunlary ýatyrmak has aňsat bolardy, sebäbi biz ätiýaçlandyryş töleglerine bil baglap bilerdik. Ýöne biz ätiýaçlandyryşa bil baglaman, tersine, türgenleriň Olimpiada gatnaşyp bilmegi üçin has köp maýa goýmak kararyna geldik. Şunuň üçin biz ýene 800 mln maýa goýduk, munuň üçin bolsa banklardan karz almaly bolduk” – diýip, Bah aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Bah Oýunlary Tokioda geçirmelidigine hiç wagt şübhelenmändigini belledi.

“Eger meniň täsirlerim barada aýtsak, bu Oýunlar meniň garaşyşymdan has ýokary boldy. Bilýän bolsaňyz, men Ýaponiýanyň taýýarlygyna şübhelenmeýärdim, men Tokionyň Oýunlary geçirmäge taýýar şäherdigini hemişe aýdardym. Oýunlar iki sebäp: koronawirusa garşy göreş ulgamynyň netijeliligi we türgenleriň bu Oýunlary ruhlandyryp bilendikleri bilen üstünlikli boldy” – diýip, ol belleýär.