MA ýurtlarynyň Ykdysady forumynyň çäklerinde 85 sany resminama gol çekildi

  • 07.08.2021 06:50
  • 6.1k+

6-njy awgustda «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Foruma sebitiň ýurtlarynyň döwlet we hususy pudagynyň, halkara hem-de sebit maliýe institutlarynyň wekilleri hem göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Nobatdaky Forumyň esasy maksady sebitde maýa goýum şertleriniň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagy hem-de ýurtlaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna maýa goýumlaryň çekilmegi, şeýle-de innowasiýalar, himiýa senagaty, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikirleriň alyşylmagy hem-de olar boýunça derwaýys çözgütleriň kabul edilmegi boldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça tematiki maslahatlar geçirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynyň Jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurtlaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şeýle-de özara hereketletiň dürli ugurlary boýunça ylalaşyklaryň 85-ni özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.

Geçirilen çärelerden soňra Foruma gatnaşan wekiller MA ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi bilen tanyş boldular, sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna bardylar, soňra MA ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabalary konsertine gatnaşdylar.


09.02.2026 19:21
1.9k+

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi...

23.01.2026 10:56
1.2k+

Aşgabatdaky forumda howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir...

22.01.2026 11:19
770

Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär...

21.01.2026 18:53
1.3k+

Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi...