Tokio-2020-niň 12-nji güni: ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Tokio-2020-niň 12-nji güni: ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň 12-nji ýaryş gününiň çäginde ýeňil atletikada bäş medal toplumy ugrunda bäsleşildi. Sportuň bu görnüşinde oýun gününiň medal maksatnamasyny ylgawçylar açdy.

  • Ilkinji medal toplumy ugrunda 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda türgenler bäsleşdi. Bu dissiplinada dünýä rekordy bilen amerikaly Sidni Maklaflin ýeňiş gazandy. Ikinji orny onuň watandaşy Dalaýla Muhammad, üçünji orny Niderlandlardan Femke Bol eýeledi.
  • Ugandanyň wekili Perut Çemutaý 3000 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda altyn medal gazandy. Kümüş medaly amerikaly Kortni Frerihs, bürünç medaly keniýaly Hiwin Kiýeng Jepkemoý aldy. 
  • Erkekleriň arasynda ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşda 82,52 m netije bilen polşaly Woýseh Nowiskiý ýeňiş gazandy. Ikinji orny norwegiýaly Eýwind Henriksen, üçünji orny Polşadan Pawel Faýdek eýeledi.
  • Keniýaly ýeňil atletikaçylar Emmanuel Kipkurui Korir we Fergýuson Çeruýot Rotiç 800 m aralyga ylgaw ýaryşynda birinji we ikinji orny eýelediler. Üçünji orna polşaly Patrik Dobek mynasyp boldy. 
  • 200 m aralyga sprintleriň ýaryşynda kanadaly Andre De Grass ýeňiji boldy, ol ABŞ-dan türgen Kenni Bednarekden we Noa Laýlzdan öňe geçmegi başardy.