Niderlandly welosipedçi wan Wlýoten we sloweniýaly Rogliç bölüşik ýaryşlarda ýeňiji boldular

Niderlandly welosipedçi wan Wlýoten we sloweniýaly Rogliç bölüşik ýaryşlarda ýeňiji boldular

Niderlandly welosiped ýaryşyna gatnaşyjy Annemik wan Wlýoten bölüşik startly şosse ýaryşynda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Wan Wlýoten 22,1 km aralygy 30 minut 13,49 sekuntda geçdi. Ikinji bolup pellehana şweýsariýaly Marlen Roýsser (yza galyş 56,47 sekunt), üçünji bolup niderlandiýaly Anna wan der Breggen (+1.01,63) geldi.

38 ýaşly wan Wlýoten üçin bu ilkinji Olimpiýa altyn medalydyr. 2012-nji ýyldaky Olimpiadada toparlaýyn şosse ýaryşynda ol 14-nji orny eýeledi, 2016-njy ýyldaky Oýunlarda pellehana 10 km galanda ýykylyp, beýniniň sarsma we üç oňurganyň döwülme şikesini alanlygy sebäpli, pellehana gelip bilmedi. Wan Wlýoten üç gezek dünýä çempionydyr (iki gezek indiwidual ýaryşda, bir gezek toparlaýyn ýaryşda). 
Erkekleriň arasynda aýry startly şosse ýaryşynda sloweniýaly Primož Rogliç ýeňiji boldy. 31 ýaşly welosiped ýaryşyna gatnaşyjy 44,2 km aralygy 55 minut 4,19 sekuntda geçdi. Rogliçiň ortaça tizligi – sagatda 48,157 km. Ikinji orny gollandiýaly Tom Dýumulen (+1.01,39) eýeledi. Üçlügi bolsa Awstraliýadan Roan Dennis (+1.03,90) jemledi.