Amerikaly Henkok erkekleriň arasynda skitde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

  • 28.07.2021 14:54
  • 2.3k+

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda skitde stend atyşygy boýunça final geçirildi. Amerikaly Henkok Winsent täze Olimpiýa rekordyny goýup, altyn medala eýe boldy. Ol 59 utuk netijäni görkezdi. Kümüş medaly daniýaly Ýesper Hansen (55 utuk) aldy. Kuweýtiň wekili Abdula Alraşidi bürünç medala mynasyp boldy. Ol 13 utuk yzda boldy.

Henkok üçin bu Olimpiýa altyn medaly karýerasynda üçünjidir, mundan öň ol 2008-nji we 2012-nji ýyllarda Olimpiýa çempiony boldy. Henkok ABŞ-nyň milli ýygyndysyna stend atyşygynda ikinji altyn medaly getirdi.
Zenanlaryň arasynda bu altyn medaly täze Olimpiýa rekordy bilen amerikaly Ember Ingliş gazanypdy.


düýn 16:13
2.2k+

19 ýaşly basketbolçy NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek 50-den köp utuk toplady

“Dallas Maweriks” toparynyň täze gelen 19 ýaşly hüjümçisi Kuper Flegg NBA-nyň taryhynda bir oýunda 50 ýa-da ondan hem köp utuk gazanan iň ýaş oýunçy boldy. Ol möwsümiň dowamynda “Orlando Mäjik” toparyna garşy......

21.03.2026 18:45
5.4k+

Mehiko köpçülikleýin futbol türgenleşigi boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy

Mehiko şäheriniň meşhur Sokalo meýdançasynda taryhda iň uly köpçülikleýin futbol türgenleşigi geçirildi. Oňa 9 500 adam gatnaşdy we bu görkeziji täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Çäre wagtynda uly meýdança äpet, açyk asmanyň astyndaky türgenleşik meýdançasyna öwrüldi...

16.03.2026 15:10
3.5k+

Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy

Taýwanyň Taýbeý şäherindäki «Taipei Arena» meýdançasynda tanap çekişmek boýunça binalaryň içinde geçirilýän dünýä çempionaty tamamlandy. Oňa müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu Taýwanyň tanap çekişmek sporty boýunça halkara ýaryşlary ilkinji kabul edişidir...

13.03.2026 16:42
4k+

Şwesiýaly Arman Dýuplantis syrykly bökmekde eýýäm 15-nji dünýä rekordyny goýdy

Şwesiýadan iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis syrykly bökmek boýunça karýerasynda 15-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu gezek ol Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilýän "Mondo Classic – 2026" möwsümara ýaryşynda 6,31 metr belentlikden aşyp bildi...