Sloweniýaly Benýamin Sawsek Olimpiýa oýunlarynda kürekli slalomda altyn medal gazandy

Sloweniýaly Benýamin Sawsek Olimpiýa oýunlarynda kürekli slalomda altyn medal gazandy

Sloweniýaly Benýamin Sawsek Tokioda dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda “kanoe-ýekelikde” kategoriýasynda kürekli slalom boýunça altyn medal gazandy. Ol 98,25 sekunt netijäni görkezdi.

Kümüş medala çehiýaly Lukas Rohan mynasyp boldy (101,96). Bürünç medaly germaniýaly Sideris Tasiasdis (103,70) aldy. 
Deslapky tapgyrda Sawsek ikinji orny eýeläpdi, finala ol bäşinji netije bilen çykdy. Olimpiýa oýunlaryndaky üstünliginden öň, Benýamin Sawsek dünýä we Ýewropa çempionatlarynda 17 medal gazandy.