Erkekleriň we zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Awstraliýanyň wekili Keýli Makkioun 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze rekord goýup, Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji 57,47 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny kanadaly Kaýli Mass (57,72), üçünji orny amerikaly Regan Smit (58,05) eýeledi.

Makkioun 20 ýaşynda, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynyň (2017, 2019) üç kümüş medaly, şeýle-de ýaşlaryň Olimpiýa oýunlarynyň (2018) altyn medaly bar.
Erkekleriň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde russiýaly Ýewgeniý Rylow täze Ýewropa rekordyny goýup, Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýene bir russiýaly türgen Kliment Kolesnikow kümüş medala mynasyp boldy. 

Rylow 51,98 sekunt netijäni görkezdi. Kolesnikow watandaşyndan 0,02 sekunt yza galdy. Üçünji orny amerikaly Raýan Mýorfi (+0,21) eýeledi.
Rylow 24 ýaşynda. Ol 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynda iki ýeňşi we Ýewropa çempionatlarynda dört ýeňşi bar. 
Kolesnikow 21 ýaşynda, ol 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy, 50 m aralyga arkanlygyna ýüzmekde we 4x100 m kombinirlenen estafetada dünýä çempionatynyň bürünç baýrakçysy, alty gezek Ýewropa çempiony boldy. Kolesnikowa 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordy (23,80) degişli.