Britaniýaly Piti 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde iki gezek Olimpiýa çempiony boldy

  • 26.07.2021 19:25
  • 4.8k+

Britaniýaly suwda ýüzüji Adam Piti 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 57,37 sekuntda geçdi. Ikinji orny Niderlandlaryň wekili Arno Kamminga (yza galyş – 0,63 sekunt), üçünji orny italiýaly Nikolo Martinengi (+0,96) eýeledi. 

Piti 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde 2016-njy ýyldaky Oýunlarda hem Olimpiýa çempiony bolupdy. Şeýle-de, 26 ýaşly britaniýaly türgen sekiz gezek dünýä çempiony we 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde häzirki dünýä rekordynyň eýesidir.
Martinengi we Kamminga üçin bu baýraklar Olimpiýa oýunlarynda ilkinji boldy. 


13.07.2025 11:51
3.1k+

Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy

Julian Keş we Lloýd Glasspul iki türgenden ybarat toparlaryň arasynda geçirilen “Uimbldonyň” çempionlary bolup, bu kategoriýada Beýik Britaniýa 1936-njy ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi. Finalda olar awstraliýaly Rinki Hidzikata bilen gollandly Dawid Peli utdy – 6:2, 7:6 (7:3)...

07.07.2025 11:22
1.7k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy...

22.12.2024 23:49
3.6k+

“Formula-1-iň” “Red Bull” toparynyň ýolbaşçysy Britaniýa imperiýasynyň komandory ordenini aldy

“Formula-1-de” “Red Bull” toparynyň ýolbaşçysy Kristian Horner Britaniýa imperiýasynyň komandory ordenine mynasyp boldy. Baýragy oňa Bukingem köşgünde geçirilen dabarada patyşa Karl III-niň hut özi gowşurdy diýip...

22.08.2024 19:59
8.8k+

Britaniýaly lyžaçy Gimalaýda 5716 metr beýiklikde täze rekord goýdy

Britaniýaly lyžaçy Joşua Bregmen beýik daglarda lyža beýsjampingi boýunça täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. 34 ýaşly Bregmen beýikligi 5716 metr bolan Gimalaýdaky Mera-Pik depesinde gaýadan lyžaly aşak inip, paraşýutda...