Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 26.07.2021 10:43
  • 25k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Maharaştra ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary we süýşgünler zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Tdh-niň habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Hindistanyň günbataryndaky Maharaştra welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli ýüze çykan ýumrulmalaryň we süýşgünleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 138 adama ýetdi. Bu barada NDTV ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi.


15.12.2025 17:38
13k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...

07.08.2025 12:06
14k+

Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar...

12.07.2025 19:29
23k+

Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi. 30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy...