Tunisli Hafnaui 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Tunisli Hafnaui 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Tunisiň wekili Ahmed Hafnaui 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 3 minut 43,36 sekuntda geçdi.

Ikinji orny awstraliýaly Jek Maklaflin (yza galyş – 0,16 sekunt), üçünji orny ABŞ-nyň wekili Kiran Smit (+0,58) eýeledi.
18 ýaşly Hafnaui üçin bu Olimpiýa oýunlary ilkinji boldy. Tunisli türgen sekizinji netije bilen final ýüzüşe çykdy. Tunis topary üçin bu medal häzirki Olimpiýa oýunlarynda ikinji we ilkinji altyn medal boldy. 
Olimpiýa oýunlarynda ýüzmek boýunça ýaryşlar 2-nji awgustda tamamlanar. Howuzda türgenler 37 baýrak toplumy ugrunda bäsleşerler.