Gylyçlaşmak boýunça wengriýaly türgen Siladi üç gezek Olimpiýa çempiony boldy

Gylyçlaşmak boýunça wengriýaly türgen Siladi üç gezek Olimpiýa çempiony boldy

Wengriýaly türgen Aron Siladi gylyç bilen gylyçlaşmak boýunça Olimpiýa ýaryşynyň finalynda Italiýanyň wekili Luiji Sameleden üstün çykdy. Söweş 15:7 hasaby bilen Siladiniň peýdasyna tamamlandy.

Bürünç medala gruziýaly Sandro Bazadzeni ýeňen Günorta Koreýanyň wekili Kim Çžon Hwan (15:11) mynasyp boldy.
Siladi 31 ýaşynda, öňem ol iki gezek gylyç bilen gylyçlaşmak boýunça Olimpiýa ýaryşynda ýeňiji bolupdy (2012, 2016). Türgen dünýä çempiony (2007) we iki gezek Ýewropa çempionydyr (2015, 2018).

Medal sanawynda üç altyn we bir bürünç medal bilen Hytaýyň milli ýygyndysy öňde barýar. Ikinji orunda bir altyn we bir kümüş medal alan Ýaponiýanyň topary ýerleşýär, üçünji orny bolsa bir altyn we iki bürünç medal bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy eýeleýär.