Kosowanyň wekili Krasniki dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy

Kosowanyň wekili Krasniki dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy

Kosowanyň wekili Distriýa Krasniki 48 kg çenli agram kategoriýasynda dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy. Krasniki final tutluşygynda ýaponiýaly Funa Tonakini ýeňdi.

Bürünç medallara Ysraýylyň wekili Şira Rişonini ýeňen ukrainaly Darýa Beloded we portugaliýaly dzýudoçy Katarina Koştany ýeňen Mongoliýanyň wekili Uranseseg Munhbatyn mynasyp boldy. 
Ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda rus Irina Dolgowa Taýwanyň wekili Lin Çen Haodan ýeňlip çykdy. 
Krasniki 25 ýaşynda, ol Ýewropanyň çempiony (2021), şeýle-de dünýä birinjiliginiň bürünç baýrakçysydyr (2019). Onuň hasabynda Ýewropa çempionatynyň kümüş (2018) we bürünç (2020) medallary hem bar. Krasniki Kosowanyň taryhynda ikinji Olimpiýa çempiony boldy. Birinji olimpiýa çempiony 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen oýunlarda 52 kg çenli kategoriýada ýaryşyň ýeňijisi bolan dzýudoçy Malina Kelmendidir.
Medal sanawynda iki altyn we bir bürünç medal bilen Hytaýyň milli ýygyndysy öňde barýar. Ikiden bäşe çenli orunlary hasaplarynda bir altyn medal bolan Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Kosowanyň we Ekwadoryň milli ýygyndylary, altydan on bire çenli orunlary bir kümüş medal alan Belgiýanyň, Hindistanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň we Serbiýanyň toparlary paýlaşýar.