Tokio-2020: täzelikler, sanlar, maglumatlar

Tokio-2020: täzelikler, sanlar, maglumatlar

Dünýäniň iň abraýly sport ýaryşy bolan XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan badalga aldy. “Discover Tomorrow” şygary bilen geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy Ýaponiýanyň milli stadionynda geçirildi. 8-nji awgustda geçiriljek ýapylyş dabarasyna çenli dünýäniň dürli döwletlerinden gelen müňlerçe türgen sportuň köp sanly görnüşi boýunça özara bäsleşerler. Biz TmCars.info-nyň okyjylaryna Tokio-2020 bilen bagly sanlary hem maglumatlary ýetirmegi makul bildik.

Olimpiýa oýunlarynda 206 ýurtdan 11 müňden gowrak türgen medal ugrunda bäsleşerler. Sport muşdaklary bu oýunlary dünýäniň dürli teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bilerler. Türkmen janköýerleri bolsa Türkmenistanda hereket edýän “IP TW” ulgamy arkaly ýaýlyma berilýän “Match TV”, “Rossiýa”, “Idman AZ” hem-de “Trt Sport” teleýaýlymlardan tomaşa edip bilerler.

GENDER DEŇLIGINE ÜNS BERILDI
Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 950-ä golaý myhman gatnaşýar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler ýörişini amala aşyrar. Mundan ozal, ýurtlaryň olimpiýa toparynyň baýdak göterijisi 1 türgen bolan bolsa, bu gezek gender deňligine ünsi çekmek üçin baýdak göterijiler 2 türgenden ybarat bolup, olaryň biri erkek, beýlekisi zenan türgen bolar.

41 DESGADA GEÇIRILER
Olimpiýa oýunlarynyň sport ýaryşlary 41 sport desgasynda geçiriler. Açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçirilýän Olimpiýa stadionynda ýeňil atletika we futbol duşuşyklary geçiriler.

BIR ÝYL YZA SÜÝŞÜRILDI
2020-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary koronawirus ýokanjy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. Dünýäniň iň uly sport ýaryşyny geçirip-geçirmezlik babatda köp sanly gepleşikler geçirilip, ahyrsoňy ony 2021-nji ýylda geçirmek babatda çözgüt kabul edildi.

ILKINJI GEZEK TOMAŞAÇYSYZ GEÇER
Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek tomaşaçysyz geçiriler. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Halkara Olimpiýa komiteti daşary ýurtdan janköýer kabul etmezlik babatda karar kabul etdi. Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti, Tokio şäher häkimligi, Ýaponiýanyň hökümeti hem-de Halkara Olimpiýa komiteti Ýaponiýanyň öz raýatlaryny hem çäklendirilen görnüşde bu ýaryşlara gatnaşdyrmagy göz öňünde tutdy. Koronawirus ýagdaýlary bilen baglylykda, tomaşaçylaryň gatnaşdyrylmazlygy hem mümkin.
Ýaryşlarda ozalky Olimpiýa oýunlaryna degişli emeli görnüşli sesler ulanylar.

4 SPORT GÖRNÜŞI ILKINJI GEZEK GOŞULDY
Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna ilkinji gezek 4 sport görnüşi goşuldy. Bu ugurlarda ilkinji gezek baýrakly orunlar üçin bäsleşiler. Gaýa çykmak, karate, konkide typmak hem-de sörfing ýaly sport ýaryşlary goşuldy. Mundan başga-da, iň soňky gezek 2008-nji ýyldaky Pekin Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulan softbol boýunça hem ýaryşlar täzeden ýola goýuldy.

OÝUNLARYNYŇ TUMARYNY MEKDEP OKUWÇYLARY KESGITLEDI


Tokio Olimpiýa oýunlarynyň tumaryny mekdep okuwçylary kesgitledi. Tokio şäherindäki 16 müň 769 mekdep boýunça 205 müňden gowrak synpyň gatnaşmagynda Olimpiýa oýunlarynyň tumaryny saýlamak babatda ses berişlik geçirildi. Mekdepleriň çäklerinde “Taýýar bol!” atly okuw maksatnamasynyň barşynda tumar üçin saýlanyp alnan taslamalara ses berildi.

TUMARYŇ ADY: “GELJEK” WE “EBEDILIK”
Tokio Olimpiýa oýunlarynyň tumarynyň ady ýapon dilinde “Geljek” manysyny berýän “Mirai” hem-de “Ebedilik” manysyny berýän “Towa” sözlerinden emele geldi. Ýagny "Miraitowa” bütin adamzadyň ýüreginde geljege bolan baky umydy aňladýar.

OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ MEDALLARY

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň medallary gaýtadan işlemek görnüşinde ýasaldy. Olaryň diametri 60 millimetr, galyňlygy bolsa 3 millimetre deňdir. Oýunlaryň altyn, kümüş we bürünç medalyny ýasamak üçin 2017-nji ýylyň apreli-2019-njy ýylyň marty aralygynda dürli metallar hem-de kiçi elektron enjamlar ýygnalyp, olar gaýtadan işlenildi we medallar ýasaldy.

36 SPORT GÖRNÜŞI BOÝUNÇA 339 ALTYN MEDAL
Türgenler 36 sport görnüşi boýunça 339 altyn medaly gazanmak ugrunda bäsleşerler. 206 ýurtdan 11 müňden gowrak türgen ok atmak, ýeňil atletika, badminton, basketbol, ​​atçylyk, tigir sürmek, boks, gimnastika, gylyçlaşmak, futbol, ​​golf, göreş, agyr atletika, gandbol, hokkeý, dzýudo, kanoe, küreklemek, stol tennisi, häzirki zaman pentatlon, ýaýda ok atmak, plýaž woleýboly, regbi, suwda top oýnamak, tekwondo, tennis, triatlon, woleýbol, ýelkenli ýüzmek, suwda ýüzmek, beýsbol / softbol, ​​serfing, 3×3 basketbol, ​​karate, konkide typmak we gaýa çykmak ýaly sport görnüşleri boýunça bäsleşerler.

IŇ KÖP MEDAL ÝEŇIL ATLETIKADA
Olimpiýa oýunlarynda iň köp medal ýeňil atletikada berler. Ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça erkekler 24, zenanlar 23 we toparlaýyn 1, jemi 48 altyn medal berler. Ýeňil atletikadan soňra iň köp medal gazanylýan sport ugry suwda ýüzmek sporty bolup durýar.