Türkmen türgenleri Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen türgenleri Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen türgenleri Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy dabaraly ýörişden Trinidad we Tobagonyň türgenlerinden soň geçdi. Türkmen türgenlerinden soň ýörişden Türkiýäniň milli ýygyndysy geçdi. Türgenleriň ýörişden geçiş tertibi ýapon harplygynyň yzygiderli boýunça guraldy.
Türkmenistandan 9 sany türgen sportuň 4 görnüşi boýunça wekilçilik eder.

 

24-nji iýulda ilkinji bolup suwda ýüzmek boýunça türgenlerimiz ýaryşa goşular. Bu ýerde Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda, Dariýa Semenowa bolsa 100 metre aralykda bäsleşer.
25-nji iýulda dzýudo boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşda 52 kilogram agramda Gülbadam Babamuratowa çykyş eder.
26-njy iýulda 55 kilogram agramda Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça bäsleşige goşular.
27-nji iýulda 59 kilogram agramda Polina Gurýewa agyr atletika boýunça medally orunlar üçin bäsleşer.
31-nji iýulda Olimpiýa oýunlarynda 81 kilogram agramda türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejepow sport meýdançasyna çykar.
2-4-nji awgustda Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça ýaryşa goşular.
3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.
4-nji awgustda Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna Russiýanyň “Rossiýa 1”, "Perwyý kanal" hem-de “Matç TW” ýaýlymlaryndan tomaşa etmek bolar.