Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy

  • 22.07.2021 21:22
  • 5610
Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy

Meksikanyň Puebla ştatynda girelgesinde futbol toplary bilen heýkel kompozisiýalaryny görmek bolýan özboluşly ybadathana peýda boldy. Bu ybadathananyň içinde meşhur Diego Maradonanyň portretleri bilen garylan katoliki ikonalar ýerleşdirilipdir diýip, Reuters agentligine salgylanyp, REN-TW habar berýär.

Şeýle-de, ybadathananyň girelgesinde meşhur futbolçynyň Meksikanyň sombrero şlýapasynda düşen suratyny hem görmek bolýar. Maradonanyň muşdaklary ybadathanada futbolçynyň Fidel Kastro we Rim papasy Fransisk ýaly dürli abraýly adamlar bilen düşen suratlaryny ýerleşdirdiler. Ybadathanany açan Marselo Buşeniň aýtmagyna görä, bu “adamlaryň futbol hakda gürrüň edip biljek” ýeridir.
Maradona ybadat etmek däbi birnäçe ýurtlarda ýaýrady we oňa eýerijileriň sany 500 müňden gowrakdyr. Meşhur oýunçynyň hormatyna ybadathana dünýäde ilkinji gezek Argentinanyň Rosario şäherinde 1998-nji ýylda, heniz Maradona dirikä açylýar. Agentligiň bellemegine görä, Maradonanyň 1986-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynda ajaýyp çykyşyndan soň, 33 ýaşly janköýerler Alehandro Weron bilen Ernan Amesiň kellesine “Futbol ynanjyny” döretmek pikiri gelýär. 
Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýogalmagynyň sebäbi öýkeniň çişmegine getiren ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy. 


24.11.2023 11:16
7092

Türkmenistanyň Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Atly sportuň Halkara federasiýasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşdy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew 18-21-nji noýabry aralygynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň barşynda ol Atly...

06.11.2022 23:35
16936

Meksikada 20 müň buhanka çöreginden mozaika düzülip, Ginnesiň rekordy goýuldy

Meksikaly çörekçiler 20 689 buhanka çöregini ýygnap, ondan 206 m meýdany bolan dünýäde iň uly çörek mozaikasyny düzdüler. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, United Press International habar berýär...

şu gün 07:31
2507

Britaniýada patyşa Karl III-niň ilkinji resmi portreti görkezildi

Londonda resmi dabaranyň dowamynda patyşa Karl III-niň ilkinji portreti görkezildi. Beýikligi 256 santimetr bolan suratyň awtory suratkeş Jonatan Ýeo boldy diýip, Buro247 habar berýär. Portretde patyşa Uels gwardiýasynyň...

şu gün 07:29
2267

“Ýoldaky jaý”: UFC-niň öňki söweşijisiniň başdan geçirmeleri dowam eder

Amazon Prime Video hyzmaty “Ýoldaky jaý” filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini resmi taýdan mälim etdi. 2023-nji ýylyň remeýkinde baş keşbi ýerine ýetiren Jeýk Jillenhol hem Elwud Daltonyň obrazyna gaýdyp geler...