Aşgabada «KAMAZ-yň» gurluşyk tehnikalarynyň tapgyry getirildi

  • 22.07.2021 21:15
  • 16k+

«RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasy demir ýol arkaly Sankt-Peterburgdan Aşgabada «KAMAZ-yň» binýadynda iki sany awtobetonnasos enjamyny getirdi. Bu barada demir ýol gatnadyjysynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýük iki sany uniwersal demirýol platformasyna ýüklenilip, Gazagystan Respublikasyndaky Bolaşak serhet geçelgesinden Türkmenistana getirildi. Enjamlaryň umumy agramy 66 tonnadan gowrakdy.
«RŽD logistika» PJ-niň şahamçasynyň Sankt-Peterburg bölüminiň müdiri Dmitriý Krýukowyň aýtmagyna görä, bu taslama durmuşa geçirilende, müşderiniň şahsy zerurlyklaryny göz öňünde tutýan ýokary hilli hyzmat ýerine ýetirildi. Onuň sözlerine görä, ýüki getirmekde dessinlik uly gurluşyk taslamasynyň işe girizilmeli senesiniň bozulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berdi.

düýn 22:54
693

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......