2022-nji ýylda Kann kinofestiwaly 17 – 28-nji maýda geçiriler

  • 22.07.2021 21:00
  • 2.4k+

2022-nji ýylda halkara Kann kinofestiwaly 17-nji maýdan 28-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada festiwalyň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, www.m24.ru belleýär.

Öň, guramaçylar çäräniň 10-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirilmelidigini habar berdiler, ýöne soň bu seneleriň ýalňyşlyk bilen aýdylandygy belli boldy.

“Ýalňyş: 75-nji Kann festiwaly 2022-nji ýylyň 17-nji maýyndan 28-nji maýy aralygynda geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar.

2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli, festiwal ýatyryldy, görkezilmegi meýilleşdirilen käbir lentalar kinoteatrlarda beýleki gözden geçirişleriň we tematiki görkezişleriň çäginde görkezildi. 2021-nji ýylda Kann kinofestiwalyny geçirmegiň senesi hem pandemiýa sebäpli yza süýşürilip, 6 – 17-nji iýulda geçirildi. Baş baýraga – “Altyn palma şahasyna” fransuz režissýory Juliýa Dýukornonyň “Titan” filmi mynasyp boldy.


07.07.2025 10:59
7.7k+

Parižde 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Senada suwa düşmäge rugsat berdiler

Fransiýanyň paýtagtynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Sena derýasynda suwa düşmäge resmi taýdan rugsat berildi. 5-nji iýuldan başlap parižliler we şäheriň myhmanlary üç sany ýörite enjamlaşdyrylan ýerde suwa düşüp bilerler diýip, France 24 habar berýär...

12.06.2025 18:20
2.7k+

Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady

2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl...

25.05.2025 18:34
14k+

Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy

52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar...

25.05.2025 10:56
4.7k+

Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi

78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi. “Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr...