Ýaponiýada Olimpiadanyň Tokio metbugat merkezi açyldy

  • 21.07.2021 20:11
  • 2.4k+

Çarşenbe güni Ýaponiýanyň paýtagtynyň merkezinde Olimpiýa oýunlarynyň Tokio metbugat merkezi açyldy. Oýunlaryň guramaçylyk komiteti tarapyndan açylan tomusky Olimpiadanyň Baş metbugat merkezinden tapawutlylykda, Tokio metbugat merkezi paýtagt administrasiýasynyň güýji bilen döredildi diýip, azertag.az habar berýär.

Tokio metbugat merkezi žurnalistler üçin tomusky Olimpiada barada esasy maglumat çeşmesi bolar diýlip çaklanylýar. Şonuň üçin, guramaçylaryň belleýşi ýaly, esasy üns Oýunlaryň sosial-medeni düzümine we onuň töwereginde bolup geçýän zatlara gönükdiriler. Dowam edýän pandemiýany, şeýle-de Tokioda koronawirus bilen bagly ýaramazlaşan ýagdaý sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýändigini göz öňünde tutup, metbugat merkeziniň guramaçylary ony mümkin boldugyndan onlaýn-dostlukly etmäge synanyşdylar. Akkreditlenen žurnalistler ähli maglumatlary ýörite saýtda doly derejede alyp bilerler.
Metbugat merkeziniň özünde täze koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen, Ýaponiýanyň ýaşaýjylary üçin eýýäm adaty bolan düzgünler hereket edýär. Girelgede akkreditlenen žurnalistleriň ählisiniň temperaturasy ölçenilýär, metbugat işgärleriniň özleri hökman örtük dakynmaly we sosial araçägi saklamalydyr. Žurnalistleriň koronawirusa garşy sanjym alandygy ýa-da ýokdugy bilen bagly hiç hili çäklendirmeler ýok. 


31.03.2026 07:17
2.4k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......

24.12.2025 13:21
8.1k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

25.11.2025 17:08
8.8k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

15.10.2025 13:11
2.9k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...