Türkmenistan «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

  • 21.07.2021 15:25
  • 6.7k+

28-30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» ХII halkara ykdysady sammiti geçiriler. Oňa dünýä döwletleriniň 48-sinden, şol sanda Türkmenistandan hem wekiller gatnaşar.

Sammitiň birinji gününde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň çykyş etmegine garaşylýar. Çäre onlaýn hem-de oflaýn görnüşde geçiriler. Ýüzbe-ýüz görnüşde guraljak böleginde tematiki sessiýalaryň 90-sy geçirilip, olara dünýäniň 48 döwletinden we Russiýanyň sebitleriniň 25-sinden wekiller gatnaşar. Kazanda diplomatik missiýalaryň 32-sine, ýagny daşary ýurtlaryň ilçilerine we konsullaryna garaşylýar. Şeýle hem sammite halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekilleri, ilçihanalaryň işgärleri, syýasatşynaslar, maýa goýujylar we telekeçiler gatnaşar.
Çäräniň maksady Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, sosial we medeni gatnaşyklary berkitmekden, şeýle-de ýurtda yslam maliýe institutlarynyň ösüşine ýardam bermekden ybaratdyr.
Sammiti sanitar-epidemiologik düzgünleri berk berjaý etmek arkaly guramak göz öňünde tutulýar


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......