BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mun HOK-nyň etika boýunça komissiýasynyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy

BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mun HOK-nyň etika boýunça komissiýasynyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) öňki Baş sekretary Pan Gi Mun Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) etika boýunça komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. Bu sişenbe güni Tokioda geçirilýän HOK-nyň 138-nji sessiýasynyň dowamynda bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.

Pan Gi Munyň kandidaturasyny HOK-nyň 71 agzasynyň 70-si goldady. “Men size ýene dört ýyl möhlet bilen bu wezipä gaýtadan saýlandygyňyz üçin tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu wezipede işlemek meniň üçin hormat we artykmaçlyk” – diýip, Pan Gi Mun aýtdy.
Pan Gi Mun BMG-niň Baş sekretary wezipesini 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2016-njy ýylyň 31-nji dekabry aralygynda eýeledi.