Eýfel diňi dokuz aýlyk arakesmeden soň myhmanlar üçin açyldy

  • 19.07.2021 09:42
  • 5.6k+

16-njy iýulda Parižde koronawirus epidemiýasy sebäpli tas dokuz aýlyk arakesmeden soň Eýfel diňi myhmanlar üçin açyldy. Bu barada Eýfel diňini ulanyşa girizmek jemgyýetiniň (SETE) saýtynda habar berilýär diýip, realnoevremya.ru belleýär.

Eýfel diňi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda ýapyldy. Onuň 260 günlük işsizligi Ikinji jahan urşundan soň iň uzak döwür boldy. Mundan başga-da, diň 2020-nji ýylyň mart aýyndan iýun aýy aralygynda hem ýapylypdy. Şu günleri hem hasaba alanyňda, syýahatçylar Eýfel diňine tas 360 gün barmadylar.
Indi syýahatçylar koronawirusa garşy berk çäreleri berjaý etmek şerti bilen diňiň üç gatyna-da baryp bilýärler. Ýöne myhmanlaryň sany çäklendirilýär. Olaryň sany bir günde 13 müňden köp bolmaly däl. Pandemiýadan öň olar azyndan 25 müň adama ýetýärdi. Liftlerde hem howpsuz araçägi berjaý etmek maksady bilen adamlaryň sany 25-e çenli çäklendirilýär. 12 ýaşdan kiçi çagalardan başga, ähli adamlar gorag örtüklerini dakynmaly. Çarşenbe gününden başlap, şu hepde Fransiýanyň prezidenti Emmanýuel Makron tarapyndan girizilen täze görkezmelere laýyklykda, Eýfel diňine 12 ýaşdan ulular diňe COVID-19-yň ýoklugyny tassyklaýan sanitar ygtyýarnamasyny görkezenlerinden soň girip bilerler. 
Belläp geçsek, 1-nji iýunda internet arkaly petek sargytlary başlady. Awgust aýynyň ahyryna çenli döwür üçin eýýäm 70 müň petek satyldy. Alyjylaryň ýarysy fransuzlar, 15%-i ABŞ-dan bolan syýahatçylar, üçden biri bolsa Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň wekilleridir. Olaryň arasynda ispanlar we portugaliýalylar agdyklyk edýär. Petekleri satmakdan gelýän girdeji diňiň girdejisiniň 80%-ini düzýär.


düýn 13:04
2.6k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......