Hytaý pandemiýa garşy göreş üçin $3 mlrd bölüp bermegi maksat edinýär

  • 18.07.2021 09:53
  • 6.3k+

Hytaý geljek üç ýylyň dowamynda ösüp barýan ýurtlarda koronawirus pandemiýasynyň netijeleri bilen göreşmek üçin halkara jemgyýetçiligine 3 mlrd dollar bölüp berer. Bu barada HHR-iň prezidenti Si Szinpin wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) guramasynyň ýolbaşçylarynyň resmi däl duşuşygynda aýtdy. Onuň sözlerini Hytaýyň Merkezi telewideniýesi getirýär diýip, REGNUM habarlar agentligi habar berýär.

Si Szinpiniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Hytaý COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjym bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçdi we ösüp barýan ýurtlara 500 milliondan gowrak sanjym dozasyny berdi. 

“HHR geljek üç ýylda epidemiýa bilen göreşe hem-de ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady we sosial ösüşiniň dikeldilmegine goldaw bermek üçin ýene 3 mlrd dollar möçberinde halkara kömegini berer” – diýip, HHR-iň prezidenti belledi.

Şeýle-de, ol Hytaýyň COVID-19-a garşy sanjym üçin intellektual eýeçilikden boşadylmagyny goldaýandygyny hem-de Pekiniň sanjymlaryň üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki başlangyçlara işjeň gatnaşmaga we olaryň önümçiligi üçin möhüm materiallary ýaýratmakda ýardam etmäge taýýardygyny belledi.
Si Szinpiniň aýtmagyna görä, Hytaý hökümeti Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde pandemiýa garşy göreşmek we sosial-ykdysady ösüşi dikeltmek boýunça gaznanyň döredilmegi üçin hem APEC forumyna serişde berer.


şu gün 18:14
322

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 10:26
466

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

düýn 11:17
3k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......