Dubaýda dünýädäki iň çuň howuz açyldy

  • 15.07.2021 11:44
  • 18k+

Dubaýda daýwing üçin dünýäniň iň çuň howzy peýda boldy. Onuň çuňlugy 60 metre, göwrümi bolsa tas 3,7 mln gallon suwa barabar bolup, bu alty olimpiýa howzunyň sygymy bilen deňleşýär. Howzuň düýbünde suw basan şäheriň modeli ýerleşdirildi diýip, CNBC habar berýär. Bu barada daily.afisha.ru belleýär.

Deep Dive Dubai atly howzuň üsti ýapyk bolup, Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleriniň öňünde özüniň rekord çuňlugyny eýýäm tassyklady. Oňa 10 ýaşdan ýokary daýwerlere girmäge rugsat berilýär. Olar “gark bolan şäheri” özbaşdak ýa-da ýolbelet bilen bilelikde öwrenip bilýärler.

Suwuň aşagynda graffiti, Merilin Monronyň uly portretini, köpotagly öýi, kitaphanany, şeýle-de Pac-Man oýun awtomatyny, stolüsti futboly we bilýardy tapmak bolýar. Başlangyç daýwerlere 12 metre çenli çuňluga çümmäge rugsat berilýär, şahadatnamaly türgenler bolsa hatda fridaýwing – dem alyş üçin goşmaça enjamsyz suwasty ýüzüş bilen hem meşgullanyp bilýärler.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....