BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk

  • 15.07.2021 09:11
  • 5.6k+

14-nji iýulda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda amaly çäreleriň Meýilnamasy boýunça (Ýol kartasy) syn beriş duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili Aşita Mittal, guramanyň Gazagystandaky maksatnamalaýyn edarasynyň ýolbaşçysy Nawid Riaz, CARICC maksatnamasynyň utgaşdyryjysy we maksatnamanyň halkara hem-de sebitleýin utgaşdyryjylary gatnaşdylar.

TDIM-niň Metbugat gullugy duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygyny habar berýär. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem bar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda düşündiriş we aýdyňlaşdyrma  işleri görnüşinde öňüni alyş çäreleriniň, şol sanda 2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy indiki döwür üçin Ýol kartasynyň işlenilip düzülmegini teklip etdi we onda sanlylaşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň we bilermenleriň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurlygyny nygtady.
Merkezi Aziýanyň Sebitleýin maglumat we utgaşdyryjy merkeziniň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan özara hereketleriň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurtda Türkmenistan tarapyndan bu guramada başlyklygyň kabul edilmegi boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......