Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrler maslahatynda tekliplerini aýtdy

  • 15.07.2021 09:07
  • 7.4k+

13-14-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň orta möhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanyň adyndan wekilçilik etdi. Maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Bu barada mfa.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň açylyşyna gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň wideoýüzlenmesini diňlediler. Soňra “Goşulyşmazlyk Hereketi ählumumy howplary çözmäge gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň merkezinde” atly tema boýunça ara alyp maslahatlaşmalar başlandy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etmek bilen, bu mejlisiň ähmiýetini we öz wagtynda geçirilýändigini belledi. Ol 2020-nji ýylyň maýynda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji sammitiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyna ünsi çekdi. Şunda pandemiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça prosesleri maliýeleşdirmek bilen bir hatarda, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda Türkmenistanyň başlangyçlary orta atyldy.
W.Hajiýew pandemiýa garşy göreşmek, şol sanda lukmançylyk hyzmatlaryna we waksinasiýa deňhukukly elýeterlilik babatda hyzmatdaşlygy ilertmek maksady bilen, türkmen tarapynyň BSSG bilen bilelikde şu ýylyň güýzünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan alym-lukmanlaryň halkara forumyna döwletleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de türkmen tarapynyň ösüşi maliýeleşdirmek boýunça halkara maslahaty geçirmegi maksat edinýändigi bellenildi.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň orta möhletleýin ministrler maslahatynyň jemleri boýunça maslahata gatnaşyjylaryň Jarnamasy kabul edildi.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......