Ýewropa Bileleşiginiň iň baý ýurduny bilýärsiňizmi?

  • 14.07.2021 15:01
  • 15k+

Maşgalalaryň maliýe aktiwleriniň möçberi boýunça (1,88 mln Daniýa kronasy) Ýewropa Bileleşiginiň iň baý ýurdy Daniýa bolup durýar. Muny ýurduň Milli bankynyň hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, Day.Az belleýär.

Ýagny, şu ýylyň birinji çärýeginde Daniýa patyşalygynyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýy adam başyna 24 müň Daniýa kronasyna çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde daniýalylaryň goňşy döwletleriň ýaşaýjylary bilen deňeşdirilende, bergileri köpdür. Olar maşgala karzynyň derejesi boýunça ikinji orunda durýarlar. Düzgünleşdirijiniň maglumatlaryna görä, algylaryň köp bölegi bank we ipoteka karzlary bilen baglanyşyklydyr (takmynan, 86 göterim).
Umuman, daniýalylaryň maliýe görkezijileri ÝB boýunça ortaça görkezijiden tas üç esse ýokarydyr.
Şeýle-de, Niderlandlarda öý hojalyklarynyň maliýe aktiwleri boýunça Ýewropa Bileleşiginde ikinji orny eýeleýändigi, üçünji orunda bolsa Lýuksemburg bilen Şwesiýanyň ýerleşýändigi bellenilýär. Ýewropa Bileleşiginde iň garyp ýurt Rumyniýa boldy, ol ýerde maşgala aktiwleri 80 müň Daniýa kronasyna barabar.


20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
877

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......