Talyp-2021: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 32-si açyldy

Talyp-2021: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 32-si açyldy

2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-sinde täze hünärleriň 32-si açylyp, eýýäm 12-nji iýuldan täze ugurlar boýunça-da dalaşgärlige kabul edilip başlandy. TmCars.info täze hünärler baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynda bakalawr ulgamy boýunça, ine, şu hünärler açyldy:

  • Agroinženeriýa,
  • Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy,
  • Ýer gurluşygy we kadastrlar
  • Oba hojalygynda maglumat howpsuzlygynyň menejmenti,
  • Oba hojalygynda ykdysadyýet we dolandyryş,
  • Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze hünär ugurlarynyň 5-si açyldy:

  • Dag işleri
  • Standartlaşdyrmak we metrologiýa,
  • Tehnologiki maşynlar we enjamlar,
  • Elektroenergetika we elektrotehnika,
  • Işgärleri dolandyryş.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bakalawr ulgamy boýunça 5 sany täze hünär açyldy:

  • Kartografiýa we geoinformatika,
  • Emeli aň we ekspert ulgamlary,
  • Maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri,
  • Innowasion menejment we halkara işewürligi,
  • Kompýuter lingwistikasy.

Bakalawr ulgamy boýunça, ine, şu ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlaryň 3-si boýunça bilim berlip başlanar:

Türkmen döwlet maliýe institutynda:

  • Maliýe we karz,
  • Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi,
  • Bank işi we pul dolanyşygy.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda:

  • Halkara gatnaşyklary
  • Halkara ykdysady gatnaşyklary
  • Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda:

  • Aktýorçylyk sungaty,
  • Telewideniýe žurnalistikasy,
  • Kinorežissura.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bakalawr ulgamynda täze hünär ugurlarynyň ikisi açyldy:

  • Informatika we kommunikasiýa tehnologiýalary,
  • Himiýa tehnologiýasy.

Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hünär ugry boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim berler.
Signallary ibermegiň, kabul etmegiň we gaýtadan işlemegiň radiotehniki serişdeleri hünäri boýunça talyplar Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alyp bilerler.
Dikeldiş we sport lukmançylygy hünäri bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde açyldy.
Animasiýa we grafika dizaýny hünäri bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okadylýan hünärleriň üstüni ýetirdi.
Täze okuw ýylynda maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy hünäri boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyplara bilim berlip başlanar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, täze 2021-2022-nji okuw ýylyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty dolulygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçdi. 
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem okuwlar bakalawr hem-de magistr ulgamlary boýunça alnyp barylýar.
Umuman, täze hünärleriň 32-sinden 28-si boýunça okuwlar bakalawr maksatnamasy, beýleki 4-si boýunça bolsa hünärmen taýýarlygy esasynda ýola goýlar. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinde magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim bermegiň ugurlary artdyryldy.