Iňlis futbol kluby agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar

  • 13.07.2021 15:04
  • 7.1k+

Neýlsuort şäherinden (Glosterşir günorta-günbatar graflygy) “Forest Grin Rowers” professional futbol kluby ekologiýa taýdan arassa material bolan agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar. Bu barada “Financial Times” gazeti habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

5 müň orunlyk dünýäniň “iň ekologik stadionynyň” taslamasy asly Yrakdan bolan dünýä belli britan arhitektory Zaha Hadid (1950-2016) tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects dizaýn firmasy tarapyndan işlenip düzüldi. Angliýada dördünji güýçli diwizionda çykyş edýän klub meýdançanyň gurluşygyny 2025-nji ýyla çenli tamamlamagy göz öňünde tutýar. Ol oduň ýaýramagyny gowşadýan ýörite ýangyna garşy düzümler bilen örtüler. 
Adatça, agaç, esasan, Demirgazyk Amerikada, Skandinawiýada we Ýaponiýada kiçiräk öýleriň gurluşygy üçin ulanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýädäki hökümetler we korporasiýalar uly jemgyýetçilik binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we ofisleri gurmakda onuň ulanylyş gerimini giňeltmegi maksat edinýärler.
2019-njy ýylyň mart aýynda Norwegiýada dünýädäki iň beýik agaç binasynyň gurluşygy tamamlandy. Onuň beýikligi – 85,4 metr. Esasy gurluşyk materialy hökmünde ýelimlenen pürsleriň ulanylmagy arkaly, 18 gatly bina ekologiýa taýdan arassa we howpsuz diýlip bellenildi. Google-iň hem Londondaky täze ştab-kwartirasy ýelimlenen pürsden gurlar.


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....