Агропромышленный комплекс: полностью обеспечить население продуктами питания первой необходимости

  • 11.07.2021 06:33
  • 11k+

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oba hojalyk toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,3 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,9 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmen Lideriniň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Ýygnalyp alnan dänäniň möçberi 1 million 400 müň tonnadan hem geçdi. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Gallanyň özümizden artýan bölegini gerek bolsa daşary ýurtlara-da eksport edip bolar. Meýdanlarda gowaçanyň hem bol hasyly ýetişdirilýär. Pagtanyň biziň üçin örän möhümdigini göz öňünde tutup, onuň bol hasylyny almak üçin  zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli.

Şeýle hem döwlet Baştutany şu ýylyň 6 aýynda käbir azyk  harytlarynyň öndürilýän möçberiniň azalmagy bilen baglylykda, içerki bazary doly möçberde ýerli gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde zerur işleri tapgyrlaýyn we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmelidigini belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
3.1k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......