Ş.Durdylyýew «Aşgabat-sitiniň» gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe ýollanyldy

  • 10.07.2021 13:21
  • 28k+

Giňişleýin Hökümet mejlisinde gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 115,2 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli, Ş.Durdylyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygyny göz öňünde tutup, Şamuhammet Durdylyýewi “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe ýollady.
Ş.Durdylyýewiň eýelän wezipesine Çarymyrat Purçekow bellenip, ol Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşadyldy.


24.05.2026 12:05
7.4k+

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty açyldy

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty öz işine başlady. «Binagärlik. Innowasiýa.......

20.01.2022 16:33
30k+

Raýatlar «Aşgabat-siti-niň» gurluşygy boýunça garaýyşlaryny ýörite portalda beýan edip bilerler

Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu özboluşly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen bagly garaýyşlaryny beýan etmekleri üçin, «Aşgabat-siti» portaly döredildi we işe girizildi. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow...

şu gün 10:41
871

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

şu gün 10:21
1.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......