Dowamly stres Alsgeýmer keselini döredip biler

  • 07.07.2021 03:17
  • 7.5k+

Dowamly stres Alsgeýmer keseliniň ösmegine getirip biler. Neýrodegenerasiýa täsir edýän stresiň esasy genetiki görkezijilerini kesgitläp, Kertin uniwersitetiniň Lukmançylyk innowasiýalary institutyndan bolan awstraliýaly alymlar bu barada şeýle netijä geldiler. Bu barada « Biological Reviews» žurnalyna salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Alymlar neýroendokrin ulgama ýetirilýän ekologik we genetik täsirleri öwrendiler. Bu ulgam iýmit siňdirişi, immuniteti, adamyň keýpini, energiýasyny kadalaşdyrýar we strese bolan täsirini dolandyrýar. Stres wagtynda gipotalamo-gipofizar ulgamy kortizol gormonynyň işlenip çykarylyşyny sazlaýar. Alsgeýmer keseli bolan näsaglarda bolsa, köplenç, bu ulgamyň işinde näsazlyklar ýüze çykýar we kortizolyň derejesi ýokarlanýar. 
Stresiň genetiki görkezijileri beýniniň immun ulgamynyň işine täsirini ýetirip biler. Haçan-da näsazlyklar yzygiderli häsiýete eýe bolanda, demensiýanyň töwekgelçiligi we Alsgeýmer keseliniň döremek howpy ýokarlanýar. Alymlar bu maglumatlaryň howply keseliň ösmek töwekgelçiligini azaltmak üçin strese garşy göreşmek bilen bagly täze maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynanýarlar.

20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......