Gün we gyzgyn urma hadysalarynyň öňüni nädip almaly

Gün we gyzgyn urma hadysalarynyň öňüni nädip almaly

TmCars.info ýurdumyzda dowam edýän aşa yssy günlerde raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak maksady bilen peýdaly maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirýär.

Gün urma – bu  aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň  adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap bolnan ýagdaýda ýüze çykyp biler.
Gyzgyn urma –bu aşa gyzgyn yssy, çygly  howanyň  tutuş bedene uzak wagtlap eden täsiri netijesinde bedeniň gyzmagy sebäpli bütin bedene zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý  önüm öndürülýän edara-kärhanalaryň sehlarynda, gyzgyn howruň başynda, howasy çalyşmaýan ýapyk jaýlarda, gyzyp duran awtoulaglaryň içinde we pasla gabat gelmeýän dar sintetiki süýümlerden dokalan egin- eşikler geýlende ýüze çykyp biler.
Kä halatlarda bu iki ýagdaý utgaşykly ýüze çykyp bilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrliginiň Saglygy goraýşyň Habarlar merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, gyzgyn howada beden  aşa suwuklygy bedenden çykarmak  arkaly  derlemek bilen goralýar. Ýöne derlemek bilen bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar, bu bolsa öz gezeginde bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna we gyzmagyna getirýär.Şol sebäpden tomsuna pasla görä  açyk reňkli  nah matalardan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmekligi  we ýeterlikli mukdarda arassa agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmek maslahat berilýär.

Gün we gyzgyn urmanyň alamatlary:

  • ýürek bulanma, gaýtarma
  • kelle agyry,baş aýlanma
  • umumy gowşaklylyk, aşa ukuçylyk,ysgynsyzlyk
  • ýüzüň gyzarmagy
  • bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy
  • gulak şaňlamasy
  • gözüň garaňkylamagy
  • dem alyşyň we ýürek urgusynyň çaltlaşmagy
  • deriniň Güne ýanmagy
  • çaşmak we tutgaý alamatlary.

Ilkinji kömek:

  • ejir çekeni gyzgyn ýerden aýyrmaly we salkyn ýere geçirmeli
  • dar egin-eşiklerini gowşatmaly,ilikleri ýazdyrmaly we sintetiki egin-eşikleri çykarmaly
  • salkyn çygly mata bilen ejir çekeniň maňlaýyny ,döşüni we boýnuny süpürmeli
  • ejir çekene köp mukdarda  arassa agyz suwuny, miwe şirelerini,gaýnatmalaryny, gök çaýy mylaýym görnüşinde içirmeli
  • agyr ýagdaýlarda haýal etmän “Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly.

Şeýle hem okap bilersiňiz: