Yssy howanyň saglyk üçin esasy howpy nämede? — lukmanlaryň jogaby

  • 29.06.2020 18:20
  • 12k+

Lukmanlar yssy howada organizmiň suwuklygy ýitirýändigini we şeýle howanyň ýürek-damar keselli adamlar üçin howply bolup biljekdigini habar berdiler.
Gipertonik, ateroskleroz (ýürek-damar sistemasynyň kesellemegi) ýa-da ýürek ýetmezçiligi ýaly keselliler üçin bu ýürege artykmaç agram salýar. Aýakda çiş, demgysma ýüze çykyp başlaýar, gan basyş ýokarlanýar. Bu barada RBK agentligine salgylanmak bilen ivbg.ru habar berýär. Mundan başga-da, suwuklygyň ýitmegi ganyň goýalmagyna getirýär. Ateroskleroz kesellilerde dokumanyň gan bilen iýmitlenme prosesi ýaramazlaşýar. Şonuň üçin yssyda insult, infarkt we gipertonik ýaramazlaşma köp bolup geçýär.
Yssy howada goşmaça agram dem alyş organlaryna hem düşýär. Howanyň ýokary temperaturasy sebäpli dem alyş hereketleriniň ýygylygy ýokarlanýar. Netijede, öýken hroniki keseli – bronhit, öýkeniň obstruktiw keseli, bronhial demgysmasy bolan adamlar özüni erbet duýup bilýär. Günüň ýakmagy bolsa giperkoagulýasiýa – ganyň ýokary derejede gatamagyna getirýär. Şonuň üçin aterosklerozly adamlarda gan damarlarynda goýy ganyň emele gelmek howpy ýokarlanýar.
Gipertonik keseli bolan adamlaryň köpüsi yssy howada derman içmegini bes edýär, muny şeýtmek nädogrudyr. Hroniki keselleriň güýçlenmegine, şeýle-de Gün urma ýol bermezlik üçin yssy howada güýçli fiziki agram salmalardan gaçmaly, kellä zat geýmeli, hakyky matalardan ýeňil eşikleri geýmeli diýip, lukmanlar aýdýarlar. Mümkin boldugyndan, kölegede köpräk dynç almaly we suwuklygy köp içmeli, ýagny 2,5-3 litr töweregi. Ýöne bu içgiler şeker düzümli bolmaly däl, iň gowusy gazsyz suw, gara ýa-da gök çaý içmeli.
Şeýle-de, Günden goraýjy kremden peýdalanmaly we derini ýitiň göni şöhlesinden goramaly. “Eger-de siz Günden goraýjy kremden peýdalanmasaňyz, ýaňy-ýakynda hem çişiň şasy bolan melanomanyň döremek howpy güýçlenýär” – diýip, lukmanlar belleýär.

düýn 23:49
268

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....