Horlanmaga päsgelçilik berýän önümler haýsylar?

  • 07.07.2021 02:48
  • 8.5k+

Sagdyn iýmitlenme ulgamy boýunça bilermenler horlanmaga we aşa agramlylyga garşy göreşmäge päsgelçilik berýän önümleriň adyny aýtdylar. Şunlukda, hünärmenler, ilkinji nobatda, gaplanan çörek önümlerinden el çekmegi maslahat berdiler. Bu önümleriň sanawyny «Ridus» internet gazetine salgylanyp, news.day.az paýlaşýar.

Gaplanan çörek önümleriniň düzüminde olaryň ýaramlylyk möhletini uzaldýan, reňkini, tagamyny we ýumşaklygyny gowulandyrýan köp sanly goşmaça maddalar saklanýar. Şoňa görä-de, olar ýönekeý uglewodlara baý bolandygy üçin az wagtlyk dokluk duýgusyny berýär.
Hünärmenler şeýle-de düzüminde ýokary kaloriýa saklaýandygy sebäpli, dürli görnüşli gury ertirliklerden el çekmegi maslahat berýärler. Meselem, kaloriýa möçberi boýunça bir paýlyk hlopýa oňat günortanlyk edinmek bilen deňdir. Mundan başga-da, gury ertirlikler aşgazanasty demire goşmaça agram salýar. Gowusy bu önümleri miwedir hozly kaşa (şüle) bilen çalyşmak bolar.  
Artykmaç agramdan dynmak isleýän we ýönekeýje öz saglygyna seredýän adamlara iýmit normasyndan ýarymfabrikatlary hem aýyrmak gerek. Bu önümleriň ulanylmagy ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, goşundyly ýogurtlardan hem el çekmek zerur, çünki bu önüm süýji tagam hasaplanyp, ol düzüminde şekeriň we kaloriýanyň köplügi bilen tapawutlanýar. Oňa derek özbaşdak ir-iýmişlerdir miweler, hoz garylan tebigy ýogurtlary iýmek maslahat berilýär.

şu gün 14:57
396

«Birligiň» işläp başlanyna ýaňy 1 aý bolsa-da, ol eýýäm bazary üýtgedýär

«Birlik» platformasynyň işe girizilenine bary-ýogy bir aý wagt geçdi, ýöne ol eýýäm ýurdumyzdaky müňlerçe harytlaryň dolanşygyny bir ýere jemlemegi başardy....

düýn 13:59
6.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: 40°С çenli yssy, ýöne ýagyşly

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

26.06.2026 14:55
2.2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....