Türkmenistanda döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer bölekleri peýdalanmaga berler

  • 03.07.2021 04:15
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanynyň garamagyna ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýurdumyzyň häkimliklerine hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatly ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasyny hödürledi. Bölünip berlen ýerler häzirki zaman önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, gurluşyk üçin çig mal serişdelerini gazyp almak hem-de oba hojalyk ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylar.
Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilen teklipler Ýer meseleleri boýunça Döwlet toparynda seljerildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......