BSGG Hytaýy gyzzyrmadan azat ýurt diýip yglan etdi

  • 02.07.2021 20:24
  • 6.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Hytaýy gyzzyrmadan azat ýurt diýip ykrar etdi. Bu barada Ženewada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi we Pekini howply kesel bilen onlarça ýyllap dowam eden agyr göreşden soň gazanan üstünligi bilen gutlady. Muny TASS ýetirýär.

“Şu gün biz Hytaý halkyny ýurduň gyzzyrma keselinden halas bolmagy bilen gutlaýarys. Bu üstünlik uly zähmetiň esasynda we onýyllyklaryň dowamynda alnyp barlan maksadalaýyk hem-de yzygiderli hereketlerden soň gazanyldy” – diýip, ol belledi. BSGG-niň ýolbaşçysy HHR-iň mundan beýläk “gyzzyrmadan azat geljegiň – hakyky maksatdygyny bütin dünýä görkezýän ýurtlaryň hataryna goşulýandygyny” hem belläp geçdi.  

Hytaý Günbatar-Ýuwaş ummany sebitinde soňky otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda gyzzyrmanyň ýok edilendigi barada BSGG-niň şahadatnamasyna mynasyp bolan ilkinji döwletdir. Şeýle derejä eýe bolmak üçin ýurt azyndan geçen üç ýylyň dowamynda çäginde keseliň ýerli geçiş zynjyrynyň bolmandygyna jedelsiz subutnamalary bermeli. Öň BSGG dünýäde 40 döwleti gyzzyrmadan azat diýip ykrar edipdi. 
BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda bellenilişi ýaly, geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Hytaý her ýyl 30 mln gyzzyrma bilen keselleme ýagdaýyny habar berýärdi. 1950-nji ýyllardan bäri Hytaýyň saglygy goraýyş edaralary öňüni almak üçin dermanlary ýaýratmak bilen bir hatarda, gyzzyrma garşy göreşmek üçin işjeň çäreleri gördüler. Mundan başga-da, ýurt çybynlaryň köpelýän ýerlerini ýok etmäge we öýlerde insektisidleriň ulanylmagyny ýokarlandyrmaga üns berdi. 2020-nji ýylda – ýurtda gyzzyrmanyň ýerli geçişiniň ýok bolan dört ýylyndan soň, Hytaý bu keseliň ýokdugy barada şahadatnama almak üçin BSGG ýüz tutdy. Şu ýylyň maý aýynda HHR-e ýurduň gyzzyrmadan azatdygyna we degişli öňüni alyş maksatnamalarynyň bardygyna göz ýetirmek üçin, şahadatnama boýunça garaşsyz iş toparynyň hünärmenleri bardy. 


08.09.2025 17:14
2.6k+

BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi...

04.09.2025 12:02
4.1k+

BSGG: depressiýa we was-waslyk her ýyl dünýä ykdysadyýetine $1 trln zyýan ýetirýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Häzirki günde global psihiki saglyk” we “Psihiki saglygyň atlasy 2024” hasabatlaryny hödürledi. Olarda bütin dünýäde dürli psihiki bozulmalardan 1 milliarddan gowrak adamyň ejir çekýändigi aýdylýar...

28.08.2025 06:44
8.1k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...

29.07.2025 13:28
7.3k+

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler

14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady...