Kerkidäki täze howa menziline halkara laýyklyk şahadatnamasy we ICAO kody berildi

  • 24.06.2021 16:16
  • 16k+

Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki täze açylan halkara howa menziline Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň  (ICAO — International Civil Aviation Organization) dört harply UTAE belgilenmesi hem-de halkara derejesinde hasaba alyş şahadatnamalary gowşuryldy.

ICAO indeksi kesgitlenen nokatlaryň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän awiasiýa durnukly hyzmatynyň geografiki ýerleşişini görkezýär we howa nawigasiýasynyň howpsuzlygyny, howa hyzmatlarynyň yzygiderliligini, netijeliligini we tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

 

Kerki halkara howa menziline şeýle hem Mýunhen halkara howa menzili tarapyndan laýyklyk şahadatnamasy berildi. Bu resminama, Halkara raýat awiasiýasy konwensiýasynyň (Çikago konwensiýasy, 1944) 14-nji goşundysyna laýyklykda,  howa menziliniň meýilnamalaşdyrmak we taslamalaşdyrmak bilen baglanyşykly ähli görkezijileriniň, şol sanda aerodromlaryň işleýşine we hyzmat edilmegine, şeýle hem gonuş bilen baglanyşykly nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş we beýleki zerur ulgamlarynyň halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýändigini görkezýär.
Bu talaplar uçuş-gonuş zolagynyň amallarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

Kerki şäheri ýurdumyzyň gündogar welaýaty bolan Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerde welaýatyň we ýurdumyzyň iri senagat we ulag infrastrukturasy döredilýär.

Kerki şäheri Türkmenabat şäherinden 210 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenabat şäherinde hem halkara howa menzili gurlupdy.

şu gün 20:02
177

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

şu gün 19:11
654

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

şu gün 17:08
2.7k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

şu gün 14:59
3.1k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......