Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

  • 24.06.2021 14:38
  • 6.9k+

Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Komýunike gol çekildi. Dabara 22-nji iýunynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Niger Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Abdu Abarriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Hemişelik Wekiller iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara guramalarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň gün tertibinde duran Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

düýn 19:47
632

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......