Wideo oýunlarynyň saglyga peýdalydygy öňe sürüldi

  • 23.06.2021 19:30
  • 7.7k+

Irlandiýanyň Ylym gaznasynyň programma üpjünçiligi gözleg merkeziniň alymlary wideo oýunlarynyň psihiki bozulmalaryň käbir görnüşlerine oňyn täsir edip biljekdigini aýtdy. Bu barada Edexlive portaly habar berdi.

Ylmy-barlagçylaryň pikiriçe, däp bolan bejergileriň psihiki bozulmalara täsir edip bilmedik käbir ýagdaýynda, wideo oýunlary kömek edip biler.

"Täjirçilik wideo oýunlaryny psihiki saglygyň dürli taraplaryny gowulandyrmak üçin potensial alternatiwa hökmünde göz öňünde tutmalydyrys" -diýip, alymlar aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, hyýaly (wirtual) hakykat adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýär.

Ylmy barlagçylar wideo oýunlarynyň pandemiýa we karantin çäklendirmeleri sebäpli gerekmejek streslerden dynmaga kömek edip biljekdigini nygtaýarlar. Mundan başga-da, wideo oýunlary her dürli depressiw bozulmalary we ynjalyksyzlygy aradan aýyrmakda peýdaly täsirini ýetirip biler diýip, çeşme belleýär.

05.07.2025 18:06
2.5k+

Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady...

05.07.2025 04:45
1.5k+

Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler...

04.07.2025 11:29
8.3k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy...

03.07.2025 10:19
3.9k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär...