Türkmenistan dümewe garşy rus sanjymyny bellige aldy

  • 23.06.2021 10:18
  • 14k+

Rosteh holdinginiň düzümine girýän kompaniýa tarapyndan öndürilen “Ultriks Kwadri” dümewe garşy sanjymy Türkmenistanda bellige alyndy diýip, “Nasimbio” holdinginiň habarynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi dümewiň öňüni almak üçin Russiýanyň “Fort” biofarmasewtika kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan we öndürilýän “Ultriks Kwadri” sanjymyna bellige alyş şahadatnamasyny berdi” – diýlip, habarda bellenilýär.

Öň, sanjymy Belarus we Gazagystan hasaba aldy. Derman serişdesi jemi bäş döwlete iberilýär.
“Nasimbio” holdinginiň “Fort” biofarmasewtika kompaniýasy Russiýada dümewe garşy sanjymlary iň iri öndürijidir we ol her ýyl 30 milliondan gowrak dozada öňüni alyş derman serişdelerini öndürýär.

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....