Jeff Bezosyň ozalky aýaly 2,7 milliard dollaryny haýyr-sahawata bagyşlady

  • 21.06.2021 19:58
  • 11k+

«Amazony» esaslandyryjy Jeff Bezosyň ozalky aýaly, köpmilliardly haýyr-sahawat işleri bilen meşhur bolan Makkenzi Skott 2,7 milliard dollaryny 286 sany guramany ösdürmek üçin bagyşlandygyny habar berdi. Bu barada amerikanyň habar beriş serişdelerine salgylanyp, azertag.az ýazýar.

Makkenzi Skott we onuň täze ýanýoldaşy Den Juett adamlary goldamak we olara öz işini alyp barmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, haýyr-sahawat çäreleri bilen meşgullanýar.
Skott 2020-nji ýylda afroamerikanlara ýokary okuw mekdeplerine okuw töleglerini ýapmak hem-de beýleki çykdajylary, şeýle-de COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek we gender deňligi boýunça maksatnamalaryň ösüşi üçin 6 millard dollar bagyşlady.
Meşhur haýyr-sahawatçynyň aýtmagyna görä, şu ýylda serişde goýberilen guramalaryň 286-sy uzak wagtlyk gözegçiliklerden soň saýlanyp alyndy. Ol serişdelerini deňlik bilen bagly hem-de öňden unudylan ulgamlar boýunça iş alyp barýan institutlara bermegi maksat edindi. Haýyr-sahawat serişdelerini alýanlaryň topary dürli-dürli: uniwersitetler, medeniýet we sungat edaralary, bosgunlary göçürýän toparlar, dürli azlyklaryň jemgyýeti.
Ýeri gelende bellesek, 51 ýaşly Makkenzi Skottyň baýlygy «Forbes» žurnalynda, takmynan, 60 milliard dollara çenli bahalandyrylýar. 2019-njy ýylda Bezos bilen aýrylyşyp, «Amazonyň» aksiýalarynyň 4 göterimini alandan soňra, onuň serişdeleriniň möçberi artdy. Soňra Skott Bill we Melinda Geýts tarapyndan işlenip taýýarlanan Giving Pledge borçnamasyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýäniň baý adamlary ýaşaýan wagtynyň dowamynda ýa-da wesýetnama bilen öz baýlyklarynyň uly möçberini haýyr-sahawata bermeli. Skottyň ýanýoldaşy Den Juett hem şu ýyl bu resminama gol çekdi.

düýn 22:32
949

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
974

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
564

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......