Уровень соответствия воды для купания стандартам качества на марокканских пляжах достиг 87%

  • 22.06.2021 19:15
  • 7.2k+

Marokkonyň kenarýakalarynda suwa düşülýän suwuň mikrobiologiki hil standartyna gabat geliş derejesi 87,06%-e ýetdi. Bu barada hökümetiň Daşky gurşaw edarasynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

Resminamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, “suwunyň hili ajaýyp” bolan kenarýakalaryň sany artdy we bu arassaçylyga jogap berýän sanitariýa gulluklarynyň we dolandyryjy gurluşlaryň tagallalarynyň üstünlikleri barada aýdýar.
Sanitariýa meseleleri bolan kenarýakalaryň köpüsi Tanžer – Tetuan – El-Hoseýma, Kasablanka – Settat we Rabat – Sale – Kenitra welaýatlarynda duş gelýär. Hiliň peselmeginiň esasy sebäbi hapa suwlaryň akymynyň ýaramaz täsirinden we kenarýakalarda arassaçylyk infrastrukturasynyň ýetmezçilik etmeginden ybarat.
Suwa düşmek üçin suwuň hiliniň deňiz syýahatçylygyny ösdürmekde möhüm şertdigini göz öňünde tutup, Daşky gurşaw edarasy eýýäm birnäçe ýyl bäri suwuň hiline gözegçilik maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu iş özüniň oňyn netijelerini berýär. Patyşalykda sanitariýa düzgünleriniň ýagdaýyna seredýän gulluklaryň gözegçiliginde bolan kenarýakalaryň sany 2002-nji ýyldaky 79-dan 2020-nji ýyla çenli 175-e ýetdi.
Marokkonyň kenarýakalaryna her ýyl millionlarça syýahatçy barýar. Olardan has meşhurlary Agadir, Es-Suweýra, Kasablanka, Tanžer şäherlerinde ýerleşýär.

25.06.2026 23:36
5.5k+

Эйфелева башня закрылась раньше времени: туристам не повезло

Экстремальная жара во Франции привела к изменениям в работе ряда популярных туристических объектов. В частности, в Париже раньше обычного закрыли Эйфелеву башня....

23.06.2026 09:50
5k+

Япония в пять раз повышает стоимость виз для иностранцев

Власти Японии приняли решение увеличить стоимость виз для иностранцев в пять раз, сообщает агентство Kyodo. Данный шаг продиктован ростом инфляции и падением курса йены....

22.06.2026 16:31
5.5k+

Вьетнам изменил правила въезда для иностранных граждан

С 22 июня власти Вьетнама ввели обязательное заполнение электронной карты прибытия для всех иностранных граждан, въезжающих через международные аэропорты страны. Новые правила распространяются как на туристов,......

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Мечта пустыни»: Саудовская Аравия запускает первый в регионе ультралюксовый поезд

В декабре 2026 года в Саудовской Аравии планируется запуск Dream of the Desert — первого на Ближнем Востоке поезда класса «ультра-люкс», созданного для туристических путешествий по стране....